Wepalylygyň nusgasy

18 Mart 2021
1468

Hormatly Prezidentimiz türkmen medeniýetini ösdürmek, milliligiň we döwrebaplygyň sazlaşygyny döretmek ugrunda uly tagallalary edýär. Munuň üçin bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemek, olaryň medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň baý medeni mirasyny doly öwrenmegi we gorap saklamagy, mahlasy, türkmen ruhunda terbiýelenmegi wajyp bolup durýar. Ýurt Baştutanymyz 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Biz jemgyýetimizi ösdürmegiň, döwletara we halkara medeni-ylmy gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti hökmünde halkymyzyň köp müňýyllyk ösüşiniň taryhy tejribesiniň, gadymy däpleriniň, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň, medeni mirasynyň giňden wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berýäris» diýip belledi. Hakykatdan-da, jemgyýetimiziň döwletara we halkara medeni-ylmy gatnaşyklarynyň ösüşiniň möhüm şerti türkmen milli medeniýetiniň giňden wagyz edilmegidir.

Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimize bagyşlap döreden kitaplary bu günki gün bilim, medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleriniň ýakyn gollanmasyna öwrüldi. Olardan «Döwlet guşy», «Ile döwlet geler bolsa...», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly ençeme kitaplarynda türkmen medeniýeti, urp-adatlary, däp-dessurlarymyz, gadymy mirasymyzyň gymmatlyklary dogrusynda gyzykly maglumatlar beýan edilýär.

Güljahan ŞÜKÜROWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.