Iki asyryň juwazy

18 Mart 2021
1635

Geçen asyryň başlarynda Daşoguz şäheriniň etegindäki obalaryň birinden ýaby goşulan ullakan araba «Niredesiň Aýböwür ýaýlasy?!» diýip, gumaksy ýol bilen tigirlenip ugrady. Arabany sürüp barýan ýigidiň göwni hoşdy. Ol mahal-mahal arabanyň üstüne ýüklenen juwaza guwanmak bilen seredýärdi. Dagy näme, onuň söwdasy oňupdy. Näçe wagtdan bäri edip ýören arzuwyna ýetdi. Esli wagt bäri daýhançylykdan ýygnap, artdyran puluna juwaz satyn alypdy. Indem obadaşlarynyň özüni nähili garşy aljakdyklaryny göz öňüne getirip, aýdyma hiňlenip barýardy. Işigiňde juwaz işletmek şol döwürde hemmä ýetdirip duran dereje däldi.

Ol ýag siňip, sokusy garalyp giden juwazy ýene bir gezek synlady. «Juwazyň ýasalanyna näçe wagt bolduka?». Bu sowalyň jogabyny ony satan adamyň özi hem takyk aýdyp bilmändi.

Annageldi BEKIÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy.