Täsin muzeýler

18 Mart 2021
1693

Muzeý sözi grekleriň «museum» sözünden gelip çykyp, «ylhamlar öýi» diýen manyny berýär. Ilkinji muzeý biziň eýýamymyzdan öňki 290-njy ýylda Aleksandriýada «Museýon» ady bilen açylypdyr. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde muzeýleriň sany sanardan geçen hem bolsa, olaryň içinde täsinligi bilen saýlanýanlary-da bar. Ine şolaryň käbiri.

Paýtun muzeýi. Portugaliýada bolan her bir syýahatçy hökman paýtagt şäher Lissabondaky Milli paýtunlar muzeýine-de baryp görýär. Muzeýiň ýerleşýän binasynyň hem özboluşly taryhy bar. 1787-nji ýylda patyşa Huan VI atda türgenleşik geçmek üçin ýörite meýdança gurdurýar. Şol toplumyň binasy ýyllaryň geçmegi bilen paýtunlaryň muzeýine öwrülýär.

Taýýarlan Hansoltan GURBANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.