Toý-baýram döwresi

17 Mart 2021
1443

Ýewropaly alymlaryň kitaplarynda Nowruz baýramynyň Parfiýada örän dabaraly bellenilendigi barada gyzykly maglumatlar aýdylýar. Halkyň arasynda aýdylýan bir rowaýata görä, Nusaý atly zenanyň elinde göterýän zümerret daşy bolupdyr. Gije-gündiziň baharky deňleşýän gününde, şemsi hasaby bilen hamal aýynyň birinji güni, häzirki hasabymyz bilen 22-nji martda Günüň nury öýüň tüýnüginden zenanyň golundaky zümerret daşyna düşüp, ojaga ot düşýär. Şondan soň gazan atarylyp, semeni bişirilýär. Parfiýanyň paýtagty Nusaýda ýörite ot ýakylýan öýleriň galyndylary häzire çenli hem saklanyp galypdyr.

Bu baýramda birnäçe däpler berjaý edilýär. Baýram gününde myhmançylykda birek-birege sowgatlar paýlanylýar. Aýratyn hem çagalara, täze toý eden ýaş juwanlara sowgat paýlamak adata öwrülipdir. Täze günüň bereketli boljakdygyna ynanylyp, ýagly petir, külçe, pişme, börek, gowurdak, dograma, etli çörek, gatlama, palaw ýaly tagamlar taýýarlanylýar. Gözbaşy rowaýatlara we ynançlara siňen baýramçylykda orta çykarylýan esbaplar parahatçylygy we berekedi aňladýar. Gaplara guýlan suw päkizeligi, öýde ýakylan şem şowlulygy, ösümlikler bolsa nesil daragtyny alamatlandyrýar.

Rysalat PIRNEPESOWA,
Çärjew etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.