Türkmen owazyna maýyldyr älem

17 Mart 2021
1449

Ýewropaly syýahatçy hem-de ilçi Aleksandr Býorns 1831—1834-nji ýyllarda Merkezi Aziýa, şol sanda türkmen topragyna syýahat edipdir. Ol 1834-nji ýylda Londonda neşir edilen uly göwrümli eserinde eden syýahatynyň özünde galdyran täsirlerini giňişleýin teswirläpdir.

Aleksandr Býorns bu kitabynda Amyderýadan geçip, türkmen topragynyň sahawatlydygyna göz ýetirendigini, obadyr kentlerde myhmançylykda bolup, halkymyzyň myhmansöýerligi, aýdym-saz sungaty, däp-dessurlary barada täsirli maglumatlary toplandygyny beýan edipdir.

Çynar Kambarowa, KAMBAROWA,
welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.