Peder ýoly — nesillere nusgalyk

17 Mart 2021
1544

Adamda käbir pikir ýöretmeler bolýar, ony ýürekden duýup, aňdan syzdyryp, gözýetimiňde şöhlelendirip bolsa-da, dil bilen, söz bilen beýan edip bolmaýar. Ýöne şol pikirleriň ýüregiňe jüňk bolup duran kagyz ýüzündäki ýazgysyny okanyňda ýa-da eşideniňde, «Bäh» diýip, birsellem doňup galanyňy, şol sözleri täzeden kelläňde aýlap, pikir ummanyna çümeniňi hem bilmän galýarsyň. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diýlen düşünje ynsan üçin örän mukaddesdir. Bu düşünje adama ene süýdi, ata pendi bilen geçýär. Şoňa görä-de, Watan, ene toprak diýlen düşünjeler hemişe-de belent ýaňlanýar» diýen jümlesi-de hut şeýle duýgulary kalbyňa doldurýar. Bu sözleri okanyňdan soň, Watan mukaddesliginiň özen-örki hakdaky öňki düşünjeleriňe ýaňadan ser salýarsyň. Şonda Watan mukaddesliginiň gözbaşy barada şeýle jaýdar sözlemek üçin, tutuş dünýäni juda inçe duýmagyň, görmegiň, söýmegiň hem sözlemegiň gerekdigine düşünýärsiň.

Hemişe belentden sarpalanýan watançylyk düşünjesi, türkmene arkama-arka geçip gelýär. Çünki ata-babalarymyz janyndan hem ileri tutýan ene topragyny, ata Watanyny iň ýokary gymmatlyk derejesine göterip, apalap, merdi-merdanalygyň, watansöýüjiligiň belent nusgasyny kemala getiripdirler. Erkinligiň, özbaşdaklygyň, agzybirligiň gymmatyna düşünip, nesillerini hem şol ruhda terbiýeläpdirler. Beýik ynsanlar beýik maksatly bolýar. Biziň merdana pederlerimiz watansöýüjiligiň belent nusgasyny kemala getirişleri ýaly, bu ýörelgäni hem ýaş nesliň süňňüne ornaşdyrmagyň, harby we ruhy taýdan sazlaşykly terbiýelemegiň kämil ýoluny döredipdirler. Çagany entek ene göwresindekä, çagalyk döwründen uly üns bilen gurşapdyrlar. Olara harby tilsimlerdir emeller bilen birlikde dünýä ylymlaryndan hem sapak beripdirler, ýaşlaryň kalbyndaky watançylyk duýgusyny ösdüripdirler. Bu nusgalyk ýörelge biziň üçin hem görelde mekdebi bolup durýar. Bu barada hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Ýaş nesillere watansöýüjilik terbiýesini bermekde, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny olaryň gursagyna guýmakda merdana pederlerimiziň göreldesi uly ähmiýete eýedir» diýip, buýsanç bilen belleýär.

Kerwen BAÝNYÝAZOW,
kiçi seržant.