Taryha baý Köýtendag

15 Mart 2021
1568

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde milli mirasymyzy gorap saklamakda, ony ýaşlaryň aňyna ýetirmekde we halkara derejesinde mahabatlandyrmakda möhüm işler amala aşyrylýar. Milli mirasymyzyň özenini bolsa maddy we ruhy gymmatlyklarymyz düzýär. Maddy mirasa gadymy ýadygärlikler, galalar, şäherler, oba-kentler, sardabalar, kerwensaraýlar, şeýle hem önümçilik bilen bagly desgalar, külalçylyk, senetçilik gurallary, binalar we ymaratlar degişlidir. Şeýle taryhy-medeni ýadygärlikleriň köpsanlysy welaýatymyzyň gündogarynda ýerleşýän Köýtendag etrabynyň çäklerinde örän köp duş gelýär. Gadymy Köýten jülgesi ir döwürlerde ilatyň oturymly ýaşan ýerleriniň biri bolupdyr. Munuň şeýledigine taryhy çeşmeler, gadymy galalar, obalar, gadymy ýaplaryň sudurlary şaýatlyk edýär.

Alymlar, arheologlar bu ýerde ençeme gezek gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. M.E.Masson, A.M.Mandelştam, W.N.Pilipko, T.Hojanyýazow, H.Suhangulyýew, S.Hemragulyýew dagynyň bu mekanyň gadymy mirasy barada aýdanlary bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Bu alymlar Köýten jülgesinde dürli ýyllarda bolmak bilen, taryhy-medeni, binagärlik ýadygärliklerini çuň öwrendiler we ylmy garaýyşlaryny döwürleýin metbugat neşirleriniň üsti bilen okyjylara ýetirdiler. Olar jülgedäki Gumdepe, Pultapdy depe, Mulzamata depe, Monjukdepe, Bazardepe, Tylladepe, Küldepe, Hangala, Şordepe, Kelif galalary ýaly we beýleki arheologik ýadygärlikleriň taryhyna degişli ylmy maglumatlary topladylar. Biri-birinden tapawutly bu galalar biziň taryhymyz bolup, olar dürli döwürlerde basybalyjylykly çozuşlaryň netijesinde ýitip ýok bolmak derejesine gelipdirler. Ýöne «Geçmişini bilmedik, geljegini bilmez» diýlişi ýaly, olary öwrenmekligi dowam etdirmek şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar.

Oral TEMIROW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.