Ösen medeniýetleriň mekany

15 Mart 2021
1393

Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan dürli medeniýetleri birleşdiren medeni we ruhy galkynyşlaryň gadymy mekanydyr» diýmek bilen, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda umumadamzat gymmatlyklaryna goşan uly mirasyny geljekki nesillere ýetirmek we bütin dünýäde wagyz etmek boýunça işleriň toplumlaýyn esasda alnyp barylmalydygyna ünsi çekýär. Çünki bu gün gojaman türkmen topragy dünýäde iň gadymy siwilizasiýalaryň dörän ojaklarynyň biri hökmünde ykrar edilip, baý taryhy we medeni mirasy bilen syýahatçylardyr jahankeşdeleriň gelim-gidimli künjegine öwrülýär. Ýurdumyzyň tebigy mirasynyň aýawly saklanylmagynda hem-de wagyz edilmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda London şäherinde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Konwensiýasyna gol çekip, bu ýöriteleşdirilen düzümiň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda bolsa Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakynda Konwensiýasyny tassyklady. Bu Konwensiýa laýyklykda, medeni we tebigy mirasyň käbir gymmatlyklarynyň aýratyn gyzyklanma mynasypdygy sebäpli, olar Bütindünýä mirasynyň bir bölegi hökmünde umumadamzat üçin goralyp saklanylmaga degişlidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda degişli Konwensiýanyň çäklerinde türkmen hünärmenleriniň halkara bilermenler bilen üstünlikli işleriniň netijesinde, dünýä jemgyýetçiligi ýurdumyzyň baý taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik gazandy.

Oguljan BABAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.