Köpgyraňly zehin

14 Mart 2021
1543

Hormatly Prezidentimiziň: «Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys» diýen parasatly sözleri bize milli medeniýetimizde we sungatymyzda görnükli yz galdyran ussatlaryň döredijilik ýoly dogrusynda söhbet açmaga giň ýol açýar. Şeýle ussatlaryň biri Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda doglan Annagurban Annarejebowdyr. Gadymy oguzlaryň ösüp-örňän mekany bolan bu toprakda il-ulsa ruhy güýç beren aýdym-sazlar Annagurbanda ýaşlykda sungata bolan höwesi oýarýar. Okuwdan boş wagtlary aňňat-aňňat gum depeleriniň arasynda düýe yzynda gezip ýören oglanjyk ýanynda göterýän radiosynda Mylly aganyň, Çary Täçmämmedowyň säher-saba ýaňlanýan şirin sazlaryny, Magtymguly Garlynyň, Girman bagşynyň, Gurt Ýakubyň aýdymlaryny diňläp, kalbyny gandyrýar.

Annagurban heniz oba mekdebinde okaýarka dürli aýdymlary labyz bilen ýerine ýetirip, deň-duşlaryndan saýlanýar. Aýdym-saza bolan höwes onda bu ugurda okamak-öwrenmek höwesini döredýär. Şeýlelikde ol üç okuw mekdepde — Gara Seýitliýew adyndaky medeni-aň bilim tehnikumynda, Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebinde hem-de Türkmen döwlet sungat institutynyň wokal bölüminde okap bilim alýar. Okuw mekdepleri Annagurbanda hiç kimiňkä meňzemeýän tebigy sesiň bardygyny äşgär edýär. Geljekki sungat ussadynyň sesi opera sungatynyň baş sesi bolany üçin bu sesde milli aýdymlar bilen bir hatarda, dünýä kompozitorlarynyň döreden aýdymlaryny-da aýdyp boljakdy. Muny bilen mugallymlar — Türkmenistanyň at gazanan artisti Bäşim Artykow, tanymal pedagog Anna Pawlowna Koloýarskaýa Annagurbanyň bu ugurda tanymallyga ýetmegi üçin yhlas edýärler.

Jumamyrat REJEPOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.