Medeniýet — ruhy dünýämiziň hazynasy

14 Mart 2021
1264

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda berkarar Watanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar, ýurdumyzda badalga berlen, her adamyň bähbitlerini araýan ägirt uly işler barha rowaç alýar. Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda bolup geçen özgertmeler, sözüň doly manysynda, halkyň ýüreginiň beýany boldy. Döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlardaky ösüşleri her bir raýatyň bagtyýarlygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyndaky döwrebap ösüşler hem örän buýsandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň medeniýet ulgamynyň işiniň kanunçylyk binýadyny, şeýle-de maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň dowamynda döredilen örän baý medeni mirasyny aýawly saklamak, dikeltmek, hemmetaraplaýyn öwrenmek, geljekki nesillerimize ýetirmek we mundan beýläk-de baýlaşdyrmak ugrundaky tagallalary bu ugurda aýratyn bellenilmäge mynasypdyr

Dünýägözel AKMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.