Ylhamyň gözbaşy — gözel Aşgabat

12 Mart 2021
1553

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bu günki gün paýtagtymyzda iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasy durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny we paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny baýram etmäge, şeýle hem ak mermere beslenen Aşgabady has-da ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Indi ençeme ýyl bäri ýurdumyzda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni uly dabaralar bilen bellenip geçilýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň belent sepgitlerini dünýä ýaýmakda umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän Türkmenistan Watanymyzyň hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabadyň halkara derejede barha artýan abraý-mertebesini ýokary götermekde bu baýramçylygyň ähmiýeti örän uludyr. Munuň şeýledigini eziz ýurdumyz Türkmenistan tarapyndan teklip edilip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul edýän kararnamalary hem subut edýär.

Gyzylgül ANNAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.