Mertebe zynaty

12 Mart 2021
1666

Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseri döredijilik, sungat işgärlerine egsilmez ylham çeşmesidir. Bu eserler temasynyň möhümligi, çeper dili, rowaýatlara, tymsallara baýlygy bilen okyjyny turuwbaşdan özüne baglap goýýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby hem halkymyzyň höwes bilen okaýan eserleriniň birine öwrüldi. Kitapda turuwbaşdan adam gymmatlygyndan söz açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Häzirki döwür ýaşaýşyň manysynyň, ilkinji nobatda, adama goýulýan gadyr-gymmatdan başlanýandygyny ykrar etdi. Şonuň üçin hem biziň döwrümizde dünýäniň dynuwsyz hereketini hut adamlar barasyndaky maksatda jemleýän taglymatlar rowaçlanýar» diýen sözleriniň manysy eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Munuň şeýledigine kitapdaky rowaýatdyr tymsallaryň üsti bilen has aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Eseriň «Akylly gyzjagaz» atly rowaýatynda türkmen zenanynyň paýhasa baý dünýäsinden söz açylýar. Biz bu rowaýat esasynda ýörite sahna eserini hem taýýarladyk. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Teatr sungaty» bölüminiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda taýýarlanan bu sahna eserine tomaşaçylar «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň üsti bilen tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar.

Oguldursun MOLLAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.