Ussat bagşydy

10 Mart 2021
1529

Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soňra halkymyzyň edebi mirasyna, däp-dessurlaryna, aýdym-saz sungatyna has uly üns berlip başlandy. 1994-nji ýylda Türkmenistanyň halk bagşysy Aşyrmämmet Dawudowyň aýdymlaryny ýazgy etmek baradaky tabşyryk hem şol üns-aladadan gelip çykýardy.

Tabşyrygy berjaý etmek üçin operator Ýegendurdy Baýramalyýew bilen ýola düşdük. Ikimizi Bereket şäheriniň demir ýol menzilinde etrabyň medeniýet bölüminiň şol wagtky müdiri Täçdurdy Hanjanow garşy aldy. Bagşy A. Dawudow bilen bolsa ozal hem tanyşlygym bardy, çagalyk döwürlerim golaý goňşy bolup ýaşapdyk. Onuň bilen welaýat boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiklerine emin agzasy bolup gatnaşmagam miýesser edipdi.

Tahyrmämmet GARAÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.