Reňkli Sapaklar bilen çekilýän suratlar

4 Mart 2021
1923

Suratkeşligiň adaty bolmadyk bir ugry bar. Oňa string-art diýilýär. Şeýle usulda surat çekýänlere-de string-artçy diýilýär. Özem bu sungat amatly, az çykdajyly. Beýleki suratkeşler ýaly kagyz, çotga, reňk almak üçin pul harçlamak aladalary ýok. «Be, onda string-artçy suraty nähili çekýärkä?» diýen sowalyň dörejegi öz-özünden düşnükli. Olar suraty sapak bilen çekýär. Şonuň üçin suratkeşligiň bu ugry el işiniň bir görnüşi-de hasaplanýar. «String» sözi iňlisçe sapak, kiriş diýmegi aňladýar.

String-art XVI asyrda Angliýada döräpdir. Iňlis dokmaçylary tagtanyň ýüzüne çüý kakyp, şol çüýlere dartylan sapaklar bilen dürli şekil ýasapdyrlar. Şeýle usul öýüň bezeg işinde giňden peýdalanylypdyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Gülzada ARAZGELDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.