Ynsanperwer taglymatyň rowaçlanmagy

1 Mart 2021
1706

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasaty türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýaly milli gymmatlyklaryna esaslanýar. Taryhy, etnografiýa maglumatlaram, halk döredijilik eserlerem halkymyzyň şeýle gymmatly ýörelgeleriniň bolandygyny subut edýärler. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda Oguz handan gözbaş alýan türkmen halkynyň antik, irki we ösen orta asyrlar döwründe özüniň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgelerine ygrarly bolandygyny belläp geçýär.

Berkarar ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň netijesinde ylym, bilim, medeniýet we beýleki ugurlarda dünýäniň ençeme döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giň gerime eýe bolýar. Täze taryhy döwürde milli Liderimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň dünýä boýunça hoşniýetli goňşuçylyk, oňşukly ýaşamak, birek-birek bilen ynanyşmak we ýardam bermek arkaly parahatçylygy saklamak babatda durmuşa geçirýän beýik işleri halkara derejesinde ykrar edilýär. Ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň, teklipleriniň halkara derejesinde giň goldawa we ýokary baha mynasyp bolmagyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. 

Jahan GULYÝEWA,
Hazar şäheriniň merkezi kitaphanasynyň direktory.