Hem döwletliligiň,hem ömrüň ýörelgesi

1 Mart 2021
1660

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eseriniň üçünji bölümini okanyňda, ylym-bilimiň hiç haçan sönmeýän çyragdygy baradaky hakykat aňyňda janlanýar. Adam ylym-bilim bilen ilkidurmuş ýaşaýşyndan tehnologiýalaryň eýýamyna çenli gelip ýetipdir. Ylym-bilim bilen garaňkylykdan ýagtylyga çykypdyr. «Aýdyň geljek» diýen düşünjäni kän ulanýarys. Ylymdyr bilim şol aýdyň geljege ýetirjek goşa ganatdyr.

Hormatly Prezidentimiz ylymdyr bilimiň jemgyýetdäki iň uly mirasdygyny öňe sürýär. Bilimiň her zerresiniň altyna barabardygy baradaky rowaýat bolsa orta atylan pikirleri berkidýär.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.