Döwlet berkararlygynyň mizemez binýatlary

25 Fewral 2021
1989

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy hakyndaky konstitusion kadanyň hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer şygarynda beýanyny tapýandygy, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara hyzmatdaşlygynda aýratyn ornunyň bardygy aýdyň hakykatdyr.

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, ýurdumyz belent sepgitlere eýe boldy. Garaşsyzlyk döwletiň ertirki röwşen geljegidir, halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemegidir. Milli Garaşsyzlyk döwletiň daşary gatnaşyklarynda halkara hukugynyň doly hukukly agzasy hökmünde beýleki döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary saklamaga bolan ygtyýarlygy, içeri syýasatda döwlet häkimiýetiniň garaşsyzdygy, ýagny onuň häkimiýetleriň bölünişigi ýörelgesine esaslanýandygy, her bir adam üçin bolsa şahsyýetiň hukuk derejesini kesgitleýändigi bilen baglanyşykly bolan döwlet berkararlygynyň mizemez binýadydyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda adam doly hukukly şahsyýet bolup, ol jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy hasaplanylýar. Döwletimiz şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini we azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy hem mizemez hukuklaryny goraýar.

Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.