Körpeleri halk döredijiligi esasynda terbiýelemek

25 Fewral 2021
1996

Bagtyýar döwrümizde çagalara milli ruhda terbiýe bermekde, olarda Watana, halka wepalylygy terbiýelemekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hyzmaty uludyr. Biz ösüp gelýän ýaş nesle durnukly bilim bermek bilen, olary milli ruhda terbiýelemek üçin yhlas edýäris. Terbiýeli, edepli-ekramly, düşünjeli, watansöýüji, zähmetsöýer perzent ata-enä-de, ýurda-da gerek. Geljegine ynamly adam ýaşamaga-da, işlemäge-de höwesli bolýar. Türkmen balasynyň edebiniň kämil bolmagy üçin ähli döwürlerde hiç halkdan pesde durmandygyny halk arasyndaky şu täsin tymsaly ýatlamak bilen göz ýetirse bolýar.

Ata-ene gundagdaky perzentlerine haçan edep-terbiýe berip başlamalydygy barada maslahat sorap, akyldaryň ýanyna barýarlar. Akyldar çaganyň alty aýlyk bolandygyny eşidende, ol: «Eýýäm alty aý gijä galypsyňyz» diýip jogap berýär. Şu tymsaldan görnüşi ýaly, ähli zat çaganyň beýnisi bekemänkä onuň bilen alnyp barylýan terbiýeçilik işine bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň eserleri, kitaplary çaga terbiýesi bilen gönüden-göni iş salyşýan terbiýeçiler üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Biz terbiýeçiler çagalar bagynda körpelere Watana, halka wepalylygy terbiýelemekde, okuw-terbiýeçilik işlerinde hormatly Prezidentimiziň

Güljahan GURBANOWA,
Mary şäherindäki 7-nji çagalar bagynyň müdiri.