Täze sözleri öwretmegiň usullary

25 Fewral 2021
1278

Ylmyň täze gazananlarynyň jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda özüniň mynasyp ornuny tapmagynda diliň ýerine ýetirýän hyzmaty uludyr. Dil halkara, döwletara syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary göwnejaý ýola goýmakda, halkara ykdysady hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygider we üstünlikli alyp barmakda möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.

Ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk ugrunyň barha giňemegi türkmen dilini doly we çuňňur öwrenmek bilen bir hatarda dünýä dillerini öwrenmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň ene dilimizden başga-da, rus, iňlis we beýleki dünýä dillerini öwrenmelidigini häli-şindi nygtaýar. Şol sebäpden, dünýä döwletleri bilen özara gatnaşyklary ýola goýmakda, ösdürmekde we kämilleşdirmekde işjeň ulanylýan halkara iş dili hökmünde iňlis we rus dilleriniň öwrenilişine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýazgül AKYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.