Çagalaryň dürs sözleýşini kämilleşdirmek

25 Fewral 2021
1585

Ýaş nesillerde dürs we medeniýetli sözleýşi kemala getirmek işini çagalar baglaryndan başlamak möhüm wezipeleriň biridir. Okuw maksatnamasyna laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda sözleýiş dilini ösdürmegiň mazmuny çagalara sözleriň manysyna düşünmek, sözi sözlem içinde ulanyp, dogry sözläp bilmek, harplary ýazyp we okap bilmek başarnyklaryny terbiýelemekden ybaratdyr. Çagalar baglarynda çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde çeper eserleri (erteki, hekaýa), goşgulary labyzly aýtdyrmak, dürli oýunlary oýnamak, suratlar bilen işlemek, tebigata gezelenç guramak ýaly usullardan peýdalanmak maksadalaýykdyr. Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmek işi ähli sapaklarda we olardan daşary guralýan usuly işlerde dowam etdirilmelidir, sebäbi her bir sapakda daş-töwerekdäki bolýan hadysalar çagalaryň aňynda şöhlelenip, olaryň sözleýiş diline täsir edýär.

Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde ene dilini öwretmek bilen bir hatarda, olaryň pikir ýöredip bilmekleri, netije çykarmaklary, zatlar bilen hadysalaryň arasyndaky baglanyşygy seljerip bilmekleri öwredilýär. Çaga terbiýesinde maşgalanyň hem orny uludyr, sebäbi maşgalada ata-enäniň her bir hereketine, göreldesine eýerýän çagalar sözleýişde-de şol endige eýerýärler. Çagalara ýaşlykdan dürs we dogry sözlemek öwredilmelidir. Käbir ata-eneler ýaňy dil biten çagalarynyň diline guwanyp, olaryň ýalňyş sözlemegine ýol berýärler. Şeýle ýagdaýda çaga ýaşlykdan sözleri düşnükli we dogry aýtmagy öwrenmeýär we ulalansoň, oňa bu endiginden saplanmak kyn düşýär. Şonuň bilen birlikde, ol öz ene dilimizde dürs geplemekde hem kynçylyk çekýär.

Ogulnabat ERNAZAROWA,
Köýtendag etrabyndaky “Gülälek” atly 11-nji çagalar bagynyň usulçy-terbiýeçisi.