Asmanynda parahatlyk Baýdagy

24 Fewral 2021
1777

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz asudalygyň, bagtyýarlygyň, rowaçlygyň mekany bolup, dünýäniň ünsüni özünde jemleýän, ösüşleriň röwşen ýoluna düşen döwletdir. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň parahatçylygyny, dünýäniň abadançylygyny maksat edinýän tutumlar öz aýdyň netijelerini bermek bilen, hormatly Prezidentimiziň her bir başlangyjy dünýä döwletleri tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Munuň aýdyň mysallary hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Milletler bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly, 75-nji mejlisinde bolsa «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamalaryň kabul edilmegini buýsanç bilen görkezmek bolar. Bu Kararnamalaryň kabul edilmegi, bir tarapdan, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny jahana ýaýsa, beýleki bir tarapdan, Diýarymyzyň halkara abraýynyň juda ýokarydygynyň aýdyň subutnamalary bolup durýar.

Bu zatlaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň, Watanymyzyň at-abraýyny dünýäde belende götermek, Ýer ýüzünde abadançylygy, parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan tutumlarynyň dowamat-dowamdygynyň nyşanydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem umumadamzat ähmiýetli beýik işleri amala aşyrýan, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolup, ähli başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!

Ogulsuraý AKMÄMMEDOWA,
Serdar etrap, şäher kazyýeti, kazynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.