Kitap — ruhy hazyna

24 Fewral 2021
1370

Ýaş nesli ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmekde kitaphanalaryň hyzmaty uludyr. Ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda kitaphanalaryň birnäçesi hereket edýär. Ynha, şeýle ajaýyp kitaphanalaryň biri-de Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasydyr. Bu kitaphana indi ençeme ýyl bäri ýaşajyk okyjylara hyzmat edip gelýär. Ol paýtagtymyzyň gözel künjeginde 1935-nji ýylda döwlet çagalar kitaphanasy ady bilen döredildi. Wagtyň geçmegi bilen, 1983-nji ýylda kitaphana Türkmenistanyň halk artisti, dramaturg Bazar Amanowyň ady dakylýar. Ýaşajyk okyjylary özünde jemleýän ajaýyp kitaphana ýedi bölümden ybaratdyr. Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy iri medeni ojaklaryň biri bolup, çagalar we ýetginjekler bilen işlemek boýunça usuly merkez hasap edilýär. Bu ýerde ýaşajyk okyjylaryň çeper edebiýata, döwürleýin metbugata bolan höwesini artdyrmak we olary okamaga höweslendirmek babatda birnäçe işler alnyp barylýar.

Medeni ojak çagalar edebiýatynyň baý hazynasyna eýedir. Kitaphanada 250 müňden gowrak hazyna birligi bar. Olaryň arasynda kitaplar, žurnallar, gazetler, ses ýazgyly materiallar, türkmen, rus, şeýle hem daşary ýurt dillerindäki neşirler ýaşajyk okyjylara hödürlenýär. Bu ýerdäki gymmatly hazynalaryň aýawly saklanylmagy üçin ähli şertler döredilen. Desganyň içinde mekdebe çenli we 1 — 4-nji, 5 — 11-nji synp okuwçylary üçin neşirler, şeýle hem sungat bölüminiň okalga zallary ýerleşýär. Okalga zallarynyň ählisi dürli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenen oturgyçdyr partalar bilen üpjün edilen.

Çaryguly HANJAÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.