Körpelere terbiýe bermekde aýdym-sazyň ähmiýeti

23 Fewral 2021
1295

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesillere aýratyn üns berilýär. Ýaş nesilleriň milli terbiýede terbiýelenmegi, watansöýüji we kämil bolup ýetişmekleri esasy ugurlaryň biridir. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde körpeleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeginde, olaryň pikirlenişiniň, dünýägaraýşynyň giňelmeginde, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularynyň kämilleşmeginde çagalar baglarynda geçirilýän aýdym-saz sapaklarynyň ähmiýeti uludyr.

Bu babatda Serdar şäherindäki «Gülälek» atly 9-njy çagalar bakja-bagymyzda hem talabalaýyk işler alnyp barylýar. Körpeler şadyýan sazlary gowy görýär. Olar sada dilde ýazylan aýdymlaryň sözlerini uly höwes bilen öwrenýärler, çalt özleşdirýärler. Aýdymyň sözlerini körpeler bilen bilelikde gaýtalap öwretmek olaryň ünsüni çekýär. Soňra şol aýdym saz bilen öwrenilende körpeler ony çalt ýerine ýetirip bilýärler. Has zehinli çaga aýdymy ýekelikde ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredilse, onda beýleki körpeler hem onuň bilen deňleşjek bolup, yhlas edýärler.

Maral NURGELDIÝEWA,
Serdar şäherindäki «Gülälek» atly 9-njy çagalar bakja-bagynyň mugallymy.