Yl­my özgertmelere sal­dam­ly go­şant

22 Fewral 2021
2355

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde ýaşlara berilýän ylym-bilimiň derejesiniň dünýä ülňülerine laýyk bolmagyny gazanmak bilen baglanyşykly uly işler amala aşyrylýar. Dünýä ylmyndaky iň täze gazanylanlar, döwrebap tehnologiýalar ylym-bilim edaralarynyň işine giň gerimde ornaşdyrylýar.

Hut şu nukdaýnazardan ylym-bilim işgärleriniň öňünde goýulýan wajyp wezipeleri amala aşyrmak üçin ýaşlary döwrebap okatmak, kesbine kämil hünärmenleri ýetişdirmek işini barha kämilleşdirmek zerur bolup durýar. Bu ugurda birnäçe döwlet resminamalary taýýarlanylýar we amalyýete ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda tassyklanylan Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda bu ugurdaky dersleri okatmagyň usullary jikme-jik beýan edilýär. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Dünýä ylmynyň we döwrüň ýokary tizlikdäki ösüşinden ugur alyp, matematikany okatmagyň usulyýeti, ylmy-derňew işleriň esaslary, matematikanyň taryhy ýaly dersleriň okuw maksatnamalaryna özgertmeleri girizmek wajypdyr. Sebäbi bu dersleriň okadylyşyny kabul edilen Konsepsiýa laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, bilimiň we ylmyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak döwlet derejesinde ileri tutulýan meseleleriň biridir. Şuňa laýyklykda ugurdaş kafedranyň mugallymlarynyň iş usullaryny has-da döwrebaplaşdyrmak we Konsepsiýanyň talaplaryna laýyk getirmek üçin ýörite meýilnama işlenilip düzüldi. Meýilnamada esasan hem okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek üçin innowasion we multimediýa tehnologiýalaryndan giňden peýdalanmagyň ýollaryna uly orun berildi.

Hudaýberdi ÖWEZDURDYÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň matematika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiri, dosent.