Sanly bilim ulgamy we döwrebaplyk

21 Fewral 2021
1338

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar, täze üstünlikler bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ulgama aýratyn üns berilýär, döwrüň iň täze gazananlary durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi ösüşleriň has-da ýokary bolmagyny üpjün edýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösýär. Ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek, dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda tanatmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini öňküden-de ýokarlandyrmak babatynda uly möçberli taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu günki gün eziz Diýarymyz ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Şeýle ösüşleriň hatarynda bilim ulgamynda ýetilen belent üstünlikleri hem aýratyn bellemegimiz gerek. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde bilimiň ýokary hilini üpjün etmek, sanly bilimi işjeň durmuşa ornaşdyrmak ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Bu bolsa ýaşlaryň döwrebap bilimini üpjün edýär, olaryň giň dünýägaraýyşly bolmagyna ýardam berýär. Sebäbi aýdanyňda ýaşlar döwrüň iň täze gazananlaryny, innowasion tehnologiýalaryny oňat özleşdirýärler, bu ugurda köp ylmy çeşmeleri öwrenýärler. Munuň özi hem olaryň kämil hünärmenler bolmagyna hem oňat mümkinçilikleri döredýär.

Amanbibi HALMYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.