Çagalara sanlary we şekilleri öwretmek

21 Fewral 2021
3497

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maksady çagany irki ýaşdan başlap akyl we beden taýdan kämil edip ýetişdirmekdir. Çagalar bagynda guralýan her bir sapagyň netijeli bolmagy üçin terbiýeçiniň taýýarlykly bolmagy hökmandyr. Her bir terbiýeçiniň çaga sowat-terbiýe öwretmegi, sapak guramagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Döwrebap gurlan çagalar edaralarymyzyň otaglarynyň içi kämil derejede gurnalan bolup, onda zerur şertler döredilen. Çagalar bilen sapaklar guralanda multimedia tagtasy, kompýuter we lingafon otaglary terbiýeçileriň işlerini ýeňilleşdirýär.

Matematika dersinden uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparymda “Sanlary öwretmek” diýen temany geçenimde ýörite görkezme esbaplary taýýarlaýaryn. Çagalara sanlary, sanamagy öwredeniňde gündelik durmuşda görýän, olaryň halaýan we olary gyzyklandyrýan zatlara ýüzlenmek mümkin. Şonda olar öwredilenler boýunça gaýtalamaga we ýatda saklamaga ukyply bolýar. Bular boýunça käbir mysallara ýüzleneliň!

Gunça GYLYÇTAGANOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.