Sapagy innowasion tehnologiýalar arkaly guramak

21 Fewral 2021
1513

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, ruhubelent, sagdyn bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, orta mekdeplerde okuw-terbiýeçilik işleriniň many-mazmuny baýlaşdyrylýar, okatmagyň hili gowulandyrylýar.

Ýurdumyzda ylym-bilimiň ösmegi gönüden-göni orta mekdeplerde ýaşlara berilýän bilimiň derejesine baglydyr. Hormatly Prezidentimiz orta mekdeplerde ýaşlara berilýän bilimiň hemmetaraplaýyn hem-de çuňňur bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny aýratyn belleýär. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini çözmek maksady bilen ýurdumyzda orta mekdepleriň enjamlaýyn binýadyny berkitmek, okuw-terbiýeçilik işlerini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guramak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirip, interaktiw usullardan peýdalanmak, multimedia tilsimatlaryny ulanmak, sanly bilim ulgamyna geçmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar.

Sünbül KAKAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 13-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.