Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

19 Fewral 2021
1175

Islendik özgertmelerimiziň gözbaşy bilimden gaýdýar. Diňe aňly-düşünjeli, häzirki zaman bilimlerinden habarly, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän ýaşlar beýik döwleti gurmaga ukyplydyrlar. Şu wezipäni durmuşa geçirmekligi baş maksat edip goýan eziz Diýarymyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär. Maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri dünýäniň bu ugurdaky gazananlaryny içgin öwrenmek hem-de özleşdirmek nukdaýnazaryndan amala aşyrylýar.

Ylym asyrynda esasy üns innowasion tehnologiýalara, sanly ulgamlara gönükdirilýär. Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça zerur bolan kanunçylyk binýadyndan başlap, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Şunlukda, bu ugra sanly ulgamy ornaşdyrmak, bilimiň derejesini ýokarlandyrmak, hünär taýdan kämilleşdiriş meselelerini işjeňleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar.

Maral GOŞJANOWA,
Serhetabat etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.