Kämil nesiller — Watanymyzyň geljegi

19 Fewral 2021
1235

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik özgerişlere beslenýän ata Watanymyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň ylymly-bilimli, öz käriniň ussady bolan kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribelerine laýyklykda ýurdumyzda bilim beriş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Munuň özi tehnikanyň ýokary tizlik bilen ösýän zamanasynda ýaşlara döwrüň talabyna görä bilim bermekligiň zerur şerti bolup durýar. 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem bu ugurdaky möhüm ädimleriň biri boldy.

Çemen HOJAGELDIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.