Röwşen geljegiň binýady

18 Fewral 2021
1456

Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäginde bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär. Bilime jemgyýetimiziň öňe gitmeginiň, döwletimiziň mundan beýläk-de ösmeginiň binýady hökmünde garalýar» diýip belleýär hem-de ýurdumyzyň ylym, bilim binýadynyň barha pugtalanmagyna gönükdirilen giň göwrümli işleri alyp barýar. «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalaryň kabul edilmegi hem şonuň bilen şertlenendir. Ýaşlaryň bilim almaga bolan hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän bu kanunçylyk-hukuk namalarynyň üstünlikli hereket etmegi bilen, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, ökde hünärli we zähmetsöýer ýaşlar kemala gelýär.

Hormatly Prezidentimiz 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamlarynyň ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny aýratyn belläp geçdi. Ýeri gelende, bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmegiň çäginde Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly kabul edilen Konsepsiýalaryň ähmiýetiniň uludygyny bellemek gerek.

Aýgül ÇARYÝEWA,
Ahal welaýat kazyýeti, kazynyň kömekçisi.