Üns beriň, bäsleşik!

17 Fewral 2021
1766

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylgyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly ýyllarynyň içinde, şol sanda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleri, Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet hökmünde umumadamzat bähbitli işleri amala aşyrmak bilen, dünýäde parahatçylygy, özara ynanyşmagy, dost-doganlygy pugtalandyrmakdaky ornuny, Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiziň halkara derejesinde gazanan ägirt uly üstünliklerini, ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüji ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda amala aşyrylýan beýik işlere goşant goşmak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen işlenip düzülen we kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam bermek, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri we başlangyçlary wasp etmek hem-de dünýä ýaýmak, şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesini, 2021-nji, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň hem-de «Balkan» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki mejlisiniň karary esasynda «Garaşsyzlyk — halkymyzyň bagt daňynyň atany, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly makalalaryň, oçerkleriň, hekaýalaryň, goşgularyň bäsleşigi yglan edilýär.

Bäsleşigiň şertine laýyklykda, oňa gatnaşýanlar 2021-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli öň çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik makalalaryny, oçerklerini, hekaýalaryny, goşgularyny bäsleşige hödürläp bilerler.