Terbiýeçiler ussatlyklaryny görkezdiler

17 Fewral 2021
2125

Balkanabat şäherindäki 29-njy çagalar bagynda körpelere edep-terbiýe bermekde terbiýeçileriň hünär ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi.

Oňa gatnaşanlar okuw gollanmalary esasynda taýýarlan görkezme esbaplaryny, usuly-amaly işlerini hödürlediler. Körpeleri mekdebe taýýarlamakda, berk bedenli, sagdyn ruhly, edep-terbiýeli nesilleri kemala getirmekde, olary ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza wepaly adamlar edip ýetişdirmekde okuw-tejribeçilik işleriniň guralyşyny çykyşlaryň üsti bilen beýan etdiler. Netijede, Balkanabat şäherindäki 13-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Ogulnabat Meredowa baş baýraga eýe boldy. 38-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gülüstan Çaýtyýewa birinji, 14-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Arzygül Seýitgulyýewa ikinji, 43-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gurbanbibi Tekebaýewa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Jennet NURMÄMMEDOWA.