Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

17 Fewral 2021
2280

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanyň öňe süren, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ähli agza döwletler tarapyndan goldanylan «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň şöhlelenmesidir.

2021-nji ýyly «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň asylly däbe öwrülendigini aňladýar. Bu şygarda parahatçylyk we ynanyşmak düşünjeleriniň orun almagy umumadamzat asudalygyny üpjün etmäge we halklaryň arasynda ynanyşmak ýagdaýyny has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilikler açar.