Türkmen diplomatiýasy: taryhyň şöhratly sahypasy

17 Fewral 2021
1585

Bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan dünýäniň syýasy, hukuk, ykdysady we medeni giňişligine işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzyň daşary syýasy gatnaşyklary «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda netijeli durmuşa geçirilýär. Bularyň üstünlikli amala aşyrylmagynda bolsa, türkmen diplomatiýasyna, ýurdumyzyň milli bähbitlerini gorap, halkara hyzmatdaşlygynyň giňemegine uly goşant goşýan türkmen diplomatlaryna aýratyn orun degişlidir.

Adamzadyň geçen uzak durmuş ýolunda ençeme kärler, hünärler kemala geldi. Olaryň her biri ynsanyýetiň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, özüniň mynasyp ornuny tapdy. Megerem, şolaryň iň taryhylarynyň we esasylarynyň biri hem diplomatiýadyr. Munuň şeýledigini adamzadyň toplan giň durmuş tejribesi hem-de bähbitleriň goragçysy bolan diplomatlaryň taryhy ýoly doly subut edýär.

Jumamyrat GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».