Döwrebap hyzmatlaryň gurşawynda

8 Fewral 2021
1813

Hojambaz etrap aragatnaşyk bölümi indi iki ýyla golaý wagtdan bäri täze binada işläp gelýär. Mälim bolşy ýaly, bölümiň täze binasy 2019-njy ýylyň aprel aýynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlipdi. Täze binadaky döwrebap mümkinçilikler etrabyň ýaşaýjylaryna ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny bermäge we olaryň görnüşlerini barha köpeltmäge mümkinçilik berýär.

Bu ýerde «Altyn asyr» mobil operatory, poçta aragatnaşyk bölümi, Internet, öý telefonlary, elektron poçtadyr beýleki hyzmatlar üçin operatorlaryň 9-sy uzakly gün müşderiler bilen işleşýär. Sanalan ulgamlarda işleriň sanly görnüşe geçilmegi bolsa, olaryň netijeliligini has-da artdyrýar.

Sähetmyrat JORAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Hojambaz etrap birleşmesiniň başlygy.