Halypa žurnalistiň döredijilik ýoly

8 Fewral 2021
1162

Durmuşda her bir ynsan manyly ömür ýoluny belli bir käre baglap, saýlan kesbiniň abyny-tabyny ele alyp, kärine kämilleşýär. Şeýle kämillige gol berip, ömrüniň kän ýyllaryny döredijilik işine we žurnalistika bagyşlap, halypalyga ýeten Allaberdi Sapargeldiýew hem şolaryň biri.

A. Sapargeldiýew 1969 — 1970--nji ýyllar aralygynda Aşgabat şäherindäki 8-nji başlangyç hünär mekdebinde okap, bilim alýar. Soň bilimini has-da kämilleşdirmek maksady bilen 1970-nji ýylda Aşgabatdaky, şol wagtky Gidromelioratiw orta hünär okuw mekdebine okuwa girip, 3-nji ýylynda Watan öňündäki gulluk borjuny berjaý etmek üçin goşun gullugyna gidýär. Iki ýyl gulluk borjuny abraý bilen tamamlap geleninden soň, öňki okuwyny dowam etdirip, 1975-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Ol 1975 — 1978-nji ýyllar aralygynda şol wagtky Garagum melioratiw tejribe stansiýasynda işçi, laborant, baş laborant wezipelerinde zähmet çekýär.