Döwrebap düzgünleriň ýörelgesi
2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren Türkmenistanyň “Notariat we notarial işi hakynda” Kanuny Türkmenistanda notariatyň guramaçylyk we hukuk esaslaryny, şeýle hem notarial işini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär. Türkmenistanda notariat — bu jedelsiz hukuklary, şeýle hem ýuridik ähmiýeti bolan faktlary tassyklamak we olara ýuridik takyklygy bermek üçin notarial işini amala aşyrmak wezipeleri ýüklenen edaralardan we ygtyýarly adamlardan ybarat bolan ulgamdyr. Türkmenistanyň adyndan notarial hereketlerini amala aşyrmak arkaly fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, şeýle hem döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek notariatyň esasy wezipesi bolup durýar. Notarial işi — bu döwlet notariusy tarapyndan şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan notarial hereketleriniň amala aşyrylmagydyr.