Gyzyl. Sary. Ýaşyl.

8 Fewral 2021
1145

Demirýol geçelgesiniň jogapkärçiligi

Köçe-ýol hereket howpsuzlygynda demirýol geçelgelerinden geçilmeginde ulag serişdeleriniň ähli görnüşleriniň sürüjilerine ýokary talap bildirilýär. Ulaglaryň sürüjileri demir ýoldan diňe demirýol geçelgelerinden geçmelidirler. Şeýle hem demirýol geçelgesiniň golaýyna geleninde sürüji ýol belgileriniň, ýolyşygyň, çyzgylaryň talaplaryndan, ala agajyň ýagdaýyndan hem-de geçelge boýunça nobatçynyň görkezmelerinden ugur alyp, golaýlaşýan otlynyň ýokdugyna göz ýetireninden soň geçmelidir.