Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr

8 Fewral 2021
1146

Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 28-nji martda boljak saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu möwsüm ýurdumyzda milli demokratik däplere esaslanýan halk häkimiýetiniň köpderejeli ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüler.

Saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, 6-njy fewralda dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi. Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary öz mejlislerinde hödürleýärler. Olaryň dowamynda ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyna halk wekili bolmaga has mynasyp dalaşgärler görkezilýär. Dalaşgärleri hödürlemegiň tertibine laýyklykda, syýasy partiýalar, raýat toparlary welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary bolan wekilleriniň üsti bilen, Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri hödürläp bilýärler.

(TDH).