Bagtyýar durmuşymyzyň goşa ganaty

7 Fewral 2021
1230

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. «Parahatçylyk we ynanyşmak — bagtyýar durmuşymyzyň goşa ganaty» atly dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti hem-de welaýat Medeniýet müdirligi bilelikde guradylar. Oňa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň ýolbaşçylarydyr jogapkär işgärleri, işjeň partiýa agzalary gatnaşdylar.

Dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy Resul Işangulyýew açyp, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de ýylyň şygarynyň halkymyzyň milli ýörelgelerine, taryhy we medeni dessurlaryna gabat gelýändigini guwanç bilen belledi. Onuň aýdyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle bolansoň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ajaýyp ýörelgeler parahatçylyk dörediji döwletimiziň okgunly ösüşiniň esasyny düzýär.

Araphan ERNIÝAZOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri. SURATLARDA: dabaraly maslahatdan we onuň çägindäki sergiden pursatlar.