Gymmatly kitapdan ruhlanyp

7 Fewral 2021
1203

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen bu bäsleşige dürli kärde işleýän öňdebaryjy zenanlar, şeýle-de kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Medeniýet öýüniň giň eýwanynda milli mirasymyzyň gymmatlyklaryndan we ajaýyp kitaplardan guralan sergi bolsa, bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Bäsleşigiň başlanmagy bilen, oňa gatnaşmaga gelen zenanlar gezekli-gezegine sahna çykyp, degişli şertler esasynda çykyş etdiler. Olar çeper sözler arkaly özleri bilen tanyşdyranlaryndan soňra, hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly kitabyndan bir parçany labyzly okadylar. Gökdepe etrabyndan gelen Tylla Bäşimowanyň çykyşy aýratyn täsirliligi bilen ünsi çekdi.

Akgözel HOJALYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy. SURATLARDA: bäsleşikden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.