Dag astyndaky gudrat

7 Fewral 2021
1765

Köwata ýerasty kölüniň ýüze çykyşy bilen baglanyşykly halk arasynda dürli rowaýatlar bar. Gadym döwürlerde Arçman atanyň golaýynda mal bakyp ýören çopanlaryň biri çeşmäniň boýunda gamyşdan ýasan dilli tüýdügini çalmakçy bolanda, ony suwa gaçyrypdyr, ol tüýdük çeşme bilen akyp, Köwatanyň suwundan çykypdyr. Bu bolsa, ýerasty suwlaryň dagyň aşagyndaky köl bilen özara birleşýändigini aňladýar.

Güneşli ýurdumyzda biziň günlerimize çenli saklanyp galan taryhy ýadygärliklerdir gadymy galalar, kerwensaraýlardyr dürli täsin ýerler diýseň kän. Şolaryň biri-de, Köpetdagyň äpet gowagynda ýerleşen Köwata ýerasty kölüdir. Bu köl täsinligi bilen göreniň ünsüni özüne çekýär. Onuň ini 14 metrden 23 metre barabardyr. Iň çuň ýeri 16 metre ýetýär. Suwunyň ýylylygy hemişe bir tabyny saklap, 35-37 derejeden geçmeýär. Gyş paslydygyna garamazdan, onuň suwuna girse bolýar. Suwy adam bedeni üçin diýseň ýaramly. Alymlar bu ýerasty kölüň suwunyň adaty bolmadyk häsiýetlerini anyklapdyrlar. Onuň suwunyň düzüminde 20 kilometr günbatarynda ýerleşen meşhur «Arçman» çeşmesiniňki ýaly, kükürtli wodorod, mikroelementleriň onlarçasy bar. Bu bolsa adam saglygy üçin örän peýdalydyr, bejeriş häsiýeti ýokarydyr. Şypaly kükürtli wodorod suwuna düşmek has ýakymly. Suwuň düzüminde kükürtli wodorod, ýod, magniý, kalsiý, natriý ýaly peýdaly himiki elementleriň 38-siniň bardygy alymlar tarapyndan anyklanylypdyr. Olaryň gan aýlanyşyga, guragyra, sowuklama, deridir bagyr kesellerine, nerw ulgamyny bejermekde peýdasy uludyr.

Muhammetgeldi ANNAÝEW,
TAP-nyň Bäherden etrap komitetiniň başlygy.