Desgalary nurly mekan

5 Fewral 2021
1260

Beýik ösüşlere, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän taryhy wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak şäherimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, gözelleşdirmek babatda alnyp barylýan işler çuň many-mazmuny bilen dabaralanýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzda dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Olaryň aglabasy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna, Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygyna gabatlanyp ulanmaga berler. Munuň özi paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmak, syýasy, ykdysady, medeni, syýahatçylyk we sport ugurlarynda has-da ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça göz öňünde tutulan ençeme wezipeleriň hem üstünlikli çözgüdini şertlendirer. Hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen gözel paýtagtymyzyň ähli düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, onda-da ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilmegi diňe bir paýtagtymyzyň däl, tutuş ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerinde aýratyn ähmiýete eýedir.

«Bitarap Türkmenistan», «Garaşsyzlyk», «Arçabil», «10 ýyl Abadançylyk», «Çandybil», Atamyrat Nyýazow, Türkmenbaşy şaýollary, «Galkynyş», Görogly, N.Andalyp, Magtymguly, Taslama köçeleri, olaryň ugurlaryna bezeg berip oturan ýaşaýyş jaýlarydyr edara-kärhanalaryň täsin binalary, seýilgählerdir dynç alyş we sport meýdançalary, medeni, söwda merkezleri özboluşlylygy, köpugurly şertleri bilen görenleri haýrana goýýar. Paýtagtymyzda amala aşyrylýan beýik işler berkarar Diýarymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine kuwwatly itergi berýär. Şunda paýtagtymyzyň ençeme desgalarynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun almagy hem olaryň özboluşly, täsin binagärliginden habar berýär.

Gülşat AÝHANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.