Täze üstünliklere ruhlandyryjy ýörelge

5 Fewral 2021
1131

Golaýda welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasynyň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň, wekilhananyň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.

Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny giňden dabaralandyrmaga bagyşlanan maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary Akjemal Durdyýewa açdy we gün tertibinde seredilmeli mesele boýunça çykyş etdi. A.Durdyýewa çykyşynda dünýä derejesinde  «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», milli derejede «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygara beslenen üstümizdäki ýylyň türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň parahatçylyk söýüjilik, belent adamkärçilik, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan wakalara baý boljakdygyny uly buýsanç bilen belledi. Ony ýylyň ilkinji günlerinden Türkmenistanyň hoşniýetli hyzmatdaşlyga ýugrulan beýik hem taryhy tutumlarynyň mysallary bilen hem delillendirip bolýandygy barada aýtdy. Şonuň ýaly-da, şeýle asylly işlere mynasyp hem önjeýli goşant goşmakda öňde durýan wezipeleriň üstünde durup geçdi.

Ýörite habarçymyz.