Okuw maslahaty geçirildi

5 Fewral 2021
1236

Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwletiň hem halkyň ykbalyna uly täsirini ýetirjek wakalaryň biri 28-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bolar. Ýylyň başynda badalga alan saýlaw möwsümi häzirki wagtda guramaçylyk hem taýýarlyk işlerine ulaşýar. Bu işler welaýatymyzda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu mynasybetli golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda okuw maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek hem-de ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmek, hususan-da, täze şertlerde ilkinji gezek geçiriljek bu syýasy çäräniň özboluşlylygyny ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak maksadynda geçirilen maslahata Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekili, welaýat halk maslahatynyň agzalary, şäherdir etrap halk maslahatlarynyň başlyklary we orunbasarlary, welaýat saýlaw toparynyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň guramaçylyk müdirliginiň başlygy Berdimyrat Garýagdyýew, welaýat saýlaw toparynyň başlygy Agamyrat Akyýew, welaýat halk maslahatynyň başlygy Annamuhammet Gajaýew dagynyň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlaryň dowamynda syýasy ulgamyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak, hil taýdan täze, iki palataly gurluşyny ýola goýmak, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmekde täze sepgide öwrüljek bu saýlawlaryň ozalky saýlawlardan tapawudy, degişli kanunçylyga laýyklykda, ony geçirmegiň tertibi, dalaşgärleri hödürlemek, bellige almak işleriniň guralyşy, saýlaw möwsüminde wagyz işleriniň geçirilişi, umuman, şu möwsümiň başyndan tamamlanýan döwrüne çenli göz öňünde tutulan çäreler dogrusynda jikme-jik gürrüň edildi. Şonuň ýaly-da, möwsümiň dowamynda zerur bolan resminamalar, gollanmalar, saýlawyň geçirilýän jaýynyň taýýarlyk işleri, ses bermegiň tertibi barada nygtalyp geçildi.