Perzent edebi — ömrüň bezegi

5 Fewral 2021
1323

Halkymyzyň milli terbiýesinde perzent edebi aýratyn orun eýeleýär. Munuň özi maşgala gatnaşyklarynyň berk hem kämil bolmagyna ýardam edýär. Bu bolsa ata-babalarymyzyň çagalaryň geljegi barada çynlakaý alada edendigini görkezýär. Sebäbi perzent adamzadyň röwşen geljegidir.

Biziň bu dünýäde goýýan iň uly mirasymyz perzentlerimizdir. Halkymyz ýaş nesilleri terbiýelemegi, olaryň maddy hem ruhy abadançylygynyň aladasyny etmekligi mukaddes borç hasaplaýar. Türkmen çaga gezek gelende gaty hamrak, duýguçyl halkdyr.

Ene MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.