Basar

1 Fewral 2021
1298

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eserini okanyňda türkmen halkynyň birnäçe asyrlaryň dowamynda terbiýeläp ýetişdiren alabaý itleriniň batyrlygyna, gaýduwsyzlygyna, wepadarlygyna buýsanjyň artýar. Bu gymmatly kitaby okap, ýaşlygymda bolup geçen bir waka ýadyma düşdi.

Oglanlyk bir hezil döwür, her bir zatdan oýun döredýärsiň. Hamala dünýä seniň üçin diňe oýun-gülküden ybarat ýaly. Seniň keýpiňe sogan dograjak, oýunlardan ünsüňi sowjak hiç bir sebäp ýok. Oýunlaryň has gyzyşýan ýeri hem öri meýdanydy. Oglanlar mallaryny örä kowansoňlar, olaryň goh-galmagaly asmana göterilýärdi. Düzzüm oýnaýan haýsy, biri-birini kowalap, ylgaşyp ýörenler haýsy! Aşykdyr çilik oýnaýanlaryň hem şowhuny özüne ýetikdi. Garaz, oglanlaryň dek oturýany ýokdy. Mallary örä alyp gaýdýan weli, Basar atly alabaý itim hem yzymdan galmazdy.

Sabyr SABYROW,
Görogly etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti.