«Garaşsyzlyk gadyry» çeper-publisistik toplumdan
...1886-njy ýylyň 2-nji iýulynda merwliler bu ýere gelen ilkinji demir ýol ulgamyny görmek üçin onuň ýoluna çykýarlar. Ine, şondan soň bu ýoluň iň güzaply, iň kyn bölegini — Garagumuň hemişe ýel-tupan öwsüp duran bölegini gurmaga girişilýär. Ylaýta-da Rawnina, Üçajy töwereklerde gurlan ýoly çäge syrgyny basyp, hupbat baryny görkezýär. Köp ýerde aňňat-aňňat çäge alaňlaryny böwsüp geçmeli bolýar. Ahyrsoňunda 1886-njy ýylyň 30-njy noýabrynda demir ýol Amyderýanyň bäri kenaryna barýar. Ýöne iş munuň bilen tamamlanaýmaýar. Demir ýoly ondan aňryk — Gyzylgum sähralarynyň içi bilen Buhara, Samarkanda ýetirmek strategik taýdan juda möhüm bolupdyr. Şeýlelikde, 1888-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Amyderýanyň üstünden 124 gije-gündizde gurlan köprüden ilkinji ýükli otly geçýär.