Ýagşylyk guýup kalplara

1 Fewral 2021
1476

Hormatly Prezidentimiz türkmen edebiýatynyň ösdürilmegine, edebi gymmatlyklarymyzyň baýlaşdyrylmagyna goşant goşan halypa ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömür-döredijiliginiň öwrenilmeginiň we ilata ýetirilmeginiň hökmanylygy barada elmydama nygtaýar. Milli Liderimiz bu barada geçen ýylyň dekabrynda wideoaragatnaşyk görnüşinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçiren iş maslahatynda hem ýörite belläp geçdi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp eserleri bilen hakydalara siňen halypalarymyz bolsa barmak basyp sanardan köp. Şahyr Möwlamy hem şolaryň biri.

Çeper döredijilik bilen meşgullanýan adamlaryň edebiýat meýdanyna gelşi her kimde her hili bolýar. Bu ýagdaý Türkmenistanyň halk ýazyjysy Öwlüýäguly Möwlamowyň — Möwlamynyň döredijilik ýolunda hem şeýle bolupdy. Şu günler segsen bäş ýyllyk ýubileýi bellenilýän Öwlüýäguly aga baryp orta mekdepde okan ýyllarynda çaklaňja goşgular bilen «Halaç pagtaçysy», «Mydam taýýar» gazetlerinde çykyş eden hem bolsa, edebiýatyň ala meýdanyna bilini guşap girmäge howlukmandy. Bu ýagdaý hatda ol 1955-nji ýylda paýtagtymyzdaky şol wagtky M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dil we edebiýat fakultetiniň talyby bolan döwründe-de şonlugyna galypdy. Dogry, şol ýyllarda onuň iki-ýeke talyplyk döwründäki goşgulary göze ilip başlapdy. Ýöne bu entek döredijilik gözlegleriniň örüsini kem-kemden giňeldýän talyp ýigidi kanagatlandyranokdy.

Akmyrat ABDYLLAÝEW,
žurnalist.