Mukaddes kär (oýlanma)

31 Ýanwar 2021
1618

Men mugallym. Doglan ýerimem mugallymyň maşgalasy. Ejem, kakam, atam, enem, hatda babamam mugallym. Mamam welin, halyçy. Kämahal ýolda-yzda gabat gelýän ozalky synpdaşlarym: «Tüweleme, sen-ä ejeň, kakaň kesbini ýöretmek üçin mugallym bolaýdyň» diýýärler, diýselerem mende mugallymçylyk kärine höwes döreden-ä, mamam. Ol öz dokaýan halylarynyň her bir göli barada şeýle bir täsirli gürrüň bererdi welin, meniňem şol hekaýatlardyr rowaýatlary başgalara gürrüň beresim gelerdi. Ýöne kime?! «Mamam ýaly garryja bolan bolsam, menem agtyklaryma gürrüň bererdim, belki. Ýöne garraýançam entek wagt kän-ä» diýerdim öz-özüme.

Şol höwesim halys öz ugruma goýmansoň, köçämizdäki kiçijik çagalary üýşürip, seteran oturdardym-da, mugallym bolardym. Eli çeper halyçy gyzyň düşbüligi, ussatlygy bilen täsin haly dokaýşy baradaky rowaýaty olara her gün gürrüň bererdim. Umuman, haly barada ähli eşidenlerimi düşündirip bildigimden düşündirerdim. Meniň ýaşajyk diňleýjilerim bolsa, hezil edinip diňlärdiler. Men bolsa, olaryň bilesigeliji nazarlaryndan barha ylham alyp, «sapak» geçerdim. Şeýdibem, mende çagalykdan mugallym bolmak höwesi döredi.

Enejan ANNADURDYÝEWA.